Ýol-hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

Sene: 31.01.2025

Mekdebimizde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri köpugurlydyr. Her aýda geçirilýän ders hepdelikleri, medeni-köpçülik çäreleri okuwçylaryň gözýetimleriniň has giňemeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol-hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” diýlip atlandyrylýar. Biziň mekdebimizde hem bu çärä degişli ýörite synp sagatlary, okuwçylaryň çykyşlary, her günki dabaraly irki nyzamlar geçirildi.

Däp bolşy ýaly, mekdebimiziň okuw-terbiýeçilik tejribesinde bu geçirilen çärelere hem mugallymlardyr okuwçylar aýratyn gyzyklanma we höwes bilen gatnaşdylar. Okuwçylar köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine degişli ähli belgileri görkezip, her gün bellenilen tertipde çykyş etdiler. Geçirilen çykyşlar uly täsirli boldy. Ýol-hereketiniň howpsuzlygyny diňe bir sürüjiler däl, eýsem pyýadalaryň hem berjaý etmekleri barada her günki çykyşlarda görkezildi. Okuwçylar ýolyşyga degişli aýdymdyr goşgular aýtdylar. Aýyň dowamynda köçe –ýol hereketiniň düzgünine degişli dürli suratlar çekildi we maketler ýasaldy.

Bu geçirilen çäreleriň hemmesi okuwçylaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmeklerine uly täsir etdi.  

“ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY - ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY”
 
In Turkmenistan, the annual month under the motto "Road Safety - Peace of Our Life" has begun. The campaign, timed to coincide with the beginning of the new school year, is aimed at reducing the number of road accidents and increasing attention to the safety of all road users. 
In our specialized educational school, an exhibition dedicated to road safety rules was organized as part of the month. 
Students and parents took an active part in the exhibition.
There were also assemblies where the children recited poems and sang songs about the importance of observing road safety rules.