Biziň resmi sahypamyza hoş geldiňiz.
Mekdebiň esasy wezipeleriniň biri,onuň çäginde ýekeje maglumat giňişligini döretmekdir. Bu maksat bilen, okuwçylaryň, ata-eneleriň we mugallymlaryň arasynda häzirki zaman telekommunikasiýa serişdeleriniň biri hasaplanýan bu internet sahypamyz döredildi.
Mekdebiň sahypasy, ilki bilen, eziz çagalarymyz üçin döredildi. Galyberse-de, okuwçy üçin mekdep – bu on iki ýyl ömür bolup durýar. Bu bolsa ýatda galyjy wakalar, täsirli pursatlar, wagtlaýyn şowsuzluklar we bilimde ýetilen belent sepgitler. Bu mekdep ýaryşlarynda, olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda ilkinji ýeňişlerdir. Bu mekdepden başlanýan uzak wagtlyk dostlukdyr.
Biz bilim bermek prosesiniň – her bir okuwçy üçin häzirki zaman dünýäsinde öz ornuny tapmakda bilimini kämilleşdirmekde gyzykly iş bolmaklygyny isleýäris.
Üstünlik - bu adam durmuşynyň kämil derejede bolmagynyň esasy kadasy we şertidir. Mekdebimizde şowsuz çagalar we mugallymlar ýok. Her kim haýsydyr bir zatda üstünlik gazanýar, ilkinji bolýar, hatda beýlekilerden ony has gowy ýerine ýetirmegi başarýar.
Mekdebimiziň şygary “Ilkinji bol, iň gowusyny saýla!” diýen şygary muny görkezýär.
Gadyrly çagalar, ertirki üstünligiňiz şu günden başlanýar. Mekdepde gowy okuwyň geljekde üstünlik gazanmagyň açarydygy düşnüklidir. Biz bu taslamanyň size diňe bir okuwyňyzda däl, eýsem gündelik durmuşyňyzda hem kömek etmegini isleýäris.
Biz bu sahypanyň okuwçylar üçinem, olaryň ata-eneleri we mugallymlary üçin köp tarapdan peýdaly boljakdygyna umyt edýäris.
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.
Bilim maksatnamalary hem-de standartlary dünýä derejesine laýyklykda esaslandyryldy. Ýurdumyzda bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim ulgamyny dolandyrmak, bilimiň ykdysadyýeti, mugallymçylyk işiniň hukuk ýagdaýy hem borçlary aýdyňlaşdyryldy. Bilim bermek işiniň özgerdilmegi halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary ähli mekdeplerde has giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşdyrylýar. Daşary ýurt bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilim ojaklary üçin Internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny gazanmak ýaşlaryň dünýäniň dürli künjeklerinde okamaklary ýaly köptaraply meseleler giň gerim alýar.
2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-ine gurlup ulanylmaga berlen 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebimiziň ýurdumyzda geçirilýän özgertmelerden, ýetilen sepgitlerden ruhlanyp Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerine, bilim babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgelerine, ,,Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2019-2025-nji ýyllar üçin milli Maksatnamasyna”, ,, Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Türkmenistanyň bilim edaralary üçin terbiýeçilik işleriniň milli Maksatnamasyna, Döwlet Bilim Standartlaryna, Döwlet bilim edaralarynyň düzgünnamalaryna we Bilim ministrliginiň kadalaşdyryjy resminamalaryna esaslanýar.
Mekdebimizde on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny , daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň agzybir işgärleri hem uly ruhubelentlik bilen ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde güýç-kuwwatyny gaýgyrman zähmet çekýärler.
21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdep, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen we çagalary 5 ýaşdan okuwa kabul edip, bilim berýän mekdebe çenli taýýarlyk bölümini hem öz içine alýar.
Mekdepde okuwlar I salkynda alnyp barylýar. Synp otaglarynyň ählisi tehniki serişdeler (telewizorlar, proýektorlar, kompýuterler), degişli dersler boýunça görkezme esbaplary, diwarlyklar we didaktiki materiallar bilen üpjün edilen. Okuwçylar üçin mekdebiň kitaphanasynda okyjylar üçin okalga ýeri, sport zaly, futbol,basketbol,woleýbol meýdançalary, naharhana bar.
Mekdepde zähmet çekýän mugallymlaryň aglaba köpüsi tejribeli, öz hünärine ussat mugallymlar hasap edilýär. Sapakda berilýän bilimiň hiliniň ýokary bolmagy, okuwçylaryň dersleri uly höwes bilen öwrenmekleri üçin mekdepde ähli şertler bar we bu mesele mekdep ýolbaşçylarynyň hem gözegçiliginde yzygider saklanylýar.